TURKMEN
DIL FUNDYNYŇ
DÜZGÜNNAMASY
(TÄJIRÇILIK DÄL
GURAMA)
08.02.2008
Dil adamzadyn aragatnashygynyň we pikir alyşmagynyň esasy
guralydyr, onyň butewligi we dyngysyz osmegi, hakykatdan hem her bir
halkyň diri galyp, ösmeginiň iň
bir möhüm şertidir. Hut şu
hakykatlary göz öňünde tutmak bilen 1999-njy ıylda UNESCO-ň Baş
konfrensiıasy tarapyndan her ıylyň
21-nji February „Halkara Ene Dili Güni“ diıip yglan edildi.
Ene dilinde okamak we gurläp bilmek her
ynsanyň tebigi hukugyder şonyň üçin bu sene her ıyl
bellenip gelıär. Şeılelikde her bir agyr şertlerede ıitip gitmek
howpy bilen duş gelen dilleri goramagy öz borjy hasap edıänligini UNESCO
yglan etdi.
Şu hakykatlary göz öňünde tutmak bilen ata-babalarymyzyň
tarapyndan miras hökmünde bize goıulan Milli Dilimizi goramak, ösdürmek, maksady bilen „Türkmen Dil Fonduny“ döretmäge
karara geldik.
İokarda agzalan umumy maksatlary durmuşa geçirmegiň ilkinji ädimi
hökmünda Fonduň düzgünnamasyny şu aşakdaky tertipde teklip
edıäris we umumy ıygnakda tassyklanan soň, ol kanunda bellenen tertipde
bellige alynmaga degişlidir.
1.
UMUMY DÜZGÜNLER
1.1.
Türkmen Dil
Fundy (tekstde mundan beıläk Dil Fundy) Iran Eslam Jemhuriıeti -niň
(tekstde mundan beıläk IEJ) çäginde we onyň çäginden daşarda ıaşaıan
Türkmen alymlaryň, ıazyjylaryn, şahyrlarň, we
terjimeçileriň eserlerini çap edip çykarmakdan we şeıle hem Türkmen
dilini öwretmeklik,
ösdürmeklik üçin çäreleri saılap almak,
we şol ugyrda başga işleri amalal aşyrmaklyk üçin goldaw we
ıardam bermek maksady bilen döredilıar.
1.2.
Türkmen Dil Fundynyň,
Türkmen dilinde doly day: “Türkmen dil Fundy”.
Türkmen dilinde gysgaldylan ady:
“TDF”.
Fundyň Englis
dilinde doly ady: “ Türkmen Language Fund”.
Englis dilinde gysgaça ady: “TLF”.
1.3.
Dil Fundy
bellenen tertipde döwlet tarapyndan bellige alynan pursatyndan, hukuk tarapy
hökminde döredilen diıilip hasaplanıar we öz eıeçiliginde hususy emläge eıe
bolup, öz emlägi bilen hemme öz boçlarna jogapkär bolup, öz adyna emlakleıin we
emläkleın däl hukuky gazanyp we durmuşa geçirmage hakly bolup, borçlary
boıun almaga we kazyıetde hak esleıji we jogapkär bolup çykyş edip
biler.
1.4.
Dil Fundy
özbaşdak balansa eıedir.
Türkmen Dil Fundy, _________
çäginde we gaıry ıurtlarda bellenen tertipde banklarda öz hasaplarny açmaga,
kanun boıunça gadagan edilmedik, şertnamalary baglaşmaga haklydyr.
Dil Fundynyň Türkmen dilinde
öz ady bilen, möhüri, blankalary,
şeıle hem bellenen tertipde bellige alynan emblemasy bolmaga hukugy
bardyr.
1.5.
Dil Fondyny
döredijiler, oyň maksatlaryny ykrar edip, oňa aıda agzalyk hakyny
töleıanlerden ybarat bolup durıandyr.
Her Türkmen ıekebaralaıyn ıa
toparlaıyn bolup Dil Fondynyň agzalygyna geçip biler.
1.6.
Dil Fundy öz
agzalarnyň borçlaryna jogapkärçilik çekıän däldir, agzalar hem Dil
Fundynyň borçlaryna jogapkärçilik çekmeıärler.
1.7.
Dil Fundyna,
agzalarnyň we başga adamlaryň we guramalaryň tarapyndan
berilen emläk onyň eıeçiligi hasaplanıandyr.
Dil Fundy, agzalarnyň, gaıry
adamlaryň we guramalaryň tarapyndan berilen emläkden şu
düzgünnamada bellenen tertipde we maksatlarny durmuşa geçirmek ugrynda
peıdalanyp biler.
1.8.
Dil Fundy öz
maksatlarny, we wezipelerni durmuşa geçirmek üçin zerur bolan telekeçilik
işleri amala aşyrmaga hukugy bardyr.
1.9.
Dil Fundy öz
maksatlarny amala açyrmak üçin şereket döretmäge ıa bar bolan şereketlere
goşylmaga haky bardyr.
1.10. Dil Fundy kanunçylykda bellenen tertipde öz şahamçalarny we wekilçiliklerni döredip
biler.
şahamçalar we wekilçilikler
hukuk taraplary hasaplanıan däldirler we olar Dil Fundynyň tarapyndan
tassyklanan düzgünnam esasynda hereket edıändirler.
1.11. Dil Fundynyň şahamçalarynyň we
wekilçilikleriniň ıolbaşçylary Dil Fundynyň tarapyndan bellenip,
olar berilen ynanç hat esasynda işleıärler.
1.12. Dil Fundynyň
salgysy:_________________________________
2.
DIL
FUNDYNYŇ MAKSATLARY WE DURMUŞA GEÇIRJEK IŞLERI
2.1.
Dil
Fundynyň esasy maksady Türkmen dilini, IEJ-ıetinde we daşary
ıurtlarda Türkmenlere öwretmekden, olaryň
arasynda ornaşdyrmakdan, gorap saklamakdan we ösdürmekden ybarat bolup
durıar.
2.2.
Dil
Fundynyň esasy geçirjek işleri aşakdäkilerden ybaratdyr:
·
IEJ-ıetinde we
onyň çaginden daşarda ıaşaıan Türkmen alymlaryň,
ıazyjylaryň, şahyrlaryň we terjimeçileriň Türkmen dilini
goraıan we ıaıratıan, ösdürıan eserlerini Türkmen dilinde, başga dilden
Türkmen diline we ıa Türkmençeden gaıry dillere terjime bolan esrleri çap
bolmak üçin karzyna pul seriştesini şu düzgünnama esasynda bermek
(karzyna pul bermäň, yzyna gaıdyp almaň, şertleri, we ş.m.
her bir belli ıagdaıda Dil Fundy bilen olaryň arasynda baglaşylıan şertnamada
gesgitlener);
·
türkmen alymlaryň,
ıazyjylaryň, şahyrlaryň we terjimeçileriň işläp düzen
oı-pikirlerini şu düzgünnama esasynda durmuşa geçirmek üçin ıardam
bermek;
·
dürli
ylmy, bilermençilik, okwu, magaryf
çäreleri gurnamak, we durmuşa geçirmek;
·
türkmen
diliniň orny hakda IEJ-ıetinda we daşary ıurtlarda doly we dogry
maglumat bermek we öz dilimiz hakda oňat pikir döretmek;
·
daşary
ıurtlar we halkara guramalar bilen resmi we resmi däl iki taraplaıyn, ylmy,
bilermençilik (ekspert) aragatnaşyklary guramak, döretmek we ösdürmek;
·
resmi we resmi
däl halkara gatnaşyklarny, Türkmenler bilen gurnamak, döretmek we
ösdürmek;
·
internet
ulgamynyň üsti bilen Türkmen dilini öwretmek,
dil hakda elektoron ıazgylary döretmek, Türkmen
site-lara Türkmen dilini öwretmek, we ıaıratmak ugrynda
goldaw bermek we şonyň ıaly hem olary döretmek;
·
dil öwretmek ugrynda ylymy, dynç alyş we medeni
çäreleri geçirmek;
·
Dil Fundyna
meňzeş guramalar bilen tejribe alyş beriş işini amala
aşyrmak;
·
türkmen dili
kurslaryny gurnamak;
·
türkmen dilinde
ylmy, taryhy, we edebi çykyşlary we şeıle hem goşgy okaıyş agşamlarny
gurnamak;
·
internet
ulgamynda Dil Fondynyň site-ni döretmek;
·
türkmen dili
hakda televizıon we radıo gepleşikleri taııarlamak, döretmek we ıaıratmak;
·
türkmen edbi
myrasy baılyklaryny (klasik eserleri)
dünıä dillerine, terjime etmek we ıaıratmak;
·
türkmen
dilindäki kitaplaryň, kitaphanasyn gurnamak;
·
dil hakda ylmy
konfrensıalara gatnaşmak, gurnamak.
2.3.
Dil Fundy
işiň aıry gornüşlerni, diňe degişli rugsat hatyny (license) alandan soň
amala aşyryp biler.
3.
DIL
FUNDYNYŇ EMLÄGI
3.1.
Dil
Fundynyň balansynda durıan ıer mellegi, jaı, gurluşyk, başga
gozgolıan we gozgolmeıan emläk, şol sanda zatlar, gymmat bahaly kagyzlar,
pul serıştesi, daşary ıurt puly (walıuta), emläk hukugy, başga
maddy bahalyklar we maly baılyklary Dil Fundynyň emlägini düzıärler.
3.2.
Dil
Fundynyň emlägini düzıän çeşmeleri aşakdakylardan ybaratdyr:
·
her aıda Dil
Fundynyň agzalarynyň berıan agzalyk pulyndan we malıe kömekler;
·
adamlaryň
we hukuk taraplaryň tarapyndan gelıän kömekler;
·
harıt, iş
we hyzmatlary satmakdan gelip gowyşıan serişteler;
·
kanun tarapyndan
gadagan bolmadyk başga girdeıjiler.
3.3.
Dil
Fundynyň gören peıdasy, paılaşyga degişli däldir, eısem olar
şu Düzgünnamada bellenen maksatlara gönükdirmelidirler.
3.4.
Kunun boıunça
bellenen tertipde Dil Fundy maliıe işlerini (book-keeping,
accountancy-hesabdari) we statistik hasabatyny ıerine ıetirıär we her 3 aıyda
öz emläginden peıdalanşynyň hasabatyny Umumy ıygnaga berip dyrıar.
3.5.
Maliıe ıyly
January aıynyň 1-ninden December aıynyň 31-ne çenli dir.
Indiki ıylyň March
aıynyň 1-inden gijigmän Dil Fundynyň Dolandyrjy guramasy öz amala
aşyran işleriniň ıyllyk hasabatyny taııarlar we Umumy ıygnaga
ony tassyklamak üçin hödrleıär.
4.
DIL FUNDYNYŇ
İOKARY GURAMASY
4.1.
Dil Fundynyň
ıokary guramasy agzalaryň Umumy ıygnagydyr.
4.2.
Umumy ıygnak öz
oturşyklarynyň arasynda işleri alyp barmak üçin Umumy
ıygnagyň agzasyndan 5 sany adamy _1_ (bir) ıyl möhlet bilen Dolandyryş gurama hökmünde saılıar.
4.3.
Umumy
ıygnagyň ygtıarlarlyklary aşakdäkilerden ybaratdyr:
4.3.1. Dil Fundynyň alyp barıan işine we hereket edıän
kanunçylygy berjaı edilşine gözegçiligi ıerine ıetirmek;
4.3.2. üıtgetmeleri we goşmaçalary Düzgünnama girizıär,
olar diňe döwlet tarapyndan bellige alynandan soň güıje girer;
4.3.3. Dil Fundynyň işiniň ähmiıetli ugyrlaryny,
olaryň emele gelişini, peıdalanyş usullarny (prinsipleni)
gesgitlemek;
4.3.4. Dil Fundynyň ıyllyk hasabatyny şol sanda hasap
balansyny seredip, tassyklamak;
4.3.5. ň we onyň başlygynyň, kabul edilen
çözgitlerine, şeıle hem, çykarn netijelerne we olaryň ıerine
ıetirlşine gözegçilik etmek we tassyklamak;
4.3.6. Dil Fundynyň Dolandyrjy guramasynyň we
Gözegçilik toparyň agzalarny saılamak;
4.3.7. Dil Fundyny ıatyrmak hakda karar kabul etmek;
4.3.8. Dil Fundynyň auditor barlagny gurnamak we onyň
hakynyň möçberini kesgitlemek;
4.3.9. Dil Fundynyň maliıe planyny, oňa girizilıän goşmaçalary
tassyklamak;
4.3.10.
şahamçalar we wekilçilikleri döretmek barada
çözgit kabul etmek we olaryň Düzgünnamasyny tassyklamak;
4.3.11.
başga hukuk
taraplary döretmek we olary dolandyrmak, şeıle hem Dolandyrjy guramaň
agzasynyň birine, ıokarda agzalan hukuk taraplaryň dolandyrjy
guramasynyň işine gatnaşmaga ygtyıar berilmegi hakda çözgüt kabul etmek;
4.3.12.
şu
Düzgünnamada gözöňine tutulan başga ygtyıarlyklary amala
aşyrmak.
4.4.
Dil
Fundynyň hataryndan çykmak isleıän, onyň şagsy arzasy bilen mümkin bolar.
4.5.
Umumy ıygnagy
ıylda 2 gezekden az bolmadyk otyrşygy bolar.
Umumy ıygnagyň we
dolandyryş guramaň 3-den bir böleginiň islegi bilen adatdan
daşary Umumy ıygnagy çagyryp bolar.
Umumy ıygnagyň haçan we
sagat näçede boljagyny, şeıle hem onyň gün tertibini Dolandyrjy
gurama we ıa-da onyň ygtyıar beren adamysy, hökmäni suratda umumy
ıygnagyň hemme agzalaryna 15 gün öňinden habar etmelidir.
4.6.
Umumy ıygnagda,
oňa gatnaşyjylaryň sada köp ses beren çözgitleri kabul
edilıändir.
5.
DIL
FUNDYNYŇ DOLADYRYŞ GURAMASY
5.1.
Dolandyryş guramasy,
Dil Fundynyň toparlaıyn ıerine ıetirji guramasy bolup, Düzgünama esasynda
Umumy ıygnagyň we ıerine ıetirji başlygyň ygtıarlygyna
degişli meselelerden başga ol Dil Fundynyň gündeki işini
ıerine ıetirıär.
Dolandyryş gurama, ıerine ıetirji başlyk, ıolbaşçylyk
edıär.
5.2.
Dolandyryş
guramaň ygtıarlyklary aşakda agzaljak meselelerden ybaratdyr:
1)
Umumy
ıygnagyň bellän ugyrlarny amala aşyrmak üçin planlary işläp
düzmek;
2)
Dil
Fundynyň Düzgünnamasynda bellenen maksatlary planlaşdyryp,
olaryň durmuşa geçirmek tertibini we goıberiljk maliıe
serişteleriniň möçberini kesgitlemek;
3)
şu
Düzgünnamaň maksatlarna laıyklykda, bahasy balansyň 25% -den köp
bolmadyk emlägi satyn almak, satmak barda şertnama baglaşmak üçin
çözgüt kabul etmk;
4)
Umumy ıygnaklary
gurnamak;
5)
Umumy ıygnagyň
we Dolandyryş guramaň ıerine ıetirji başlygynyň
ygtyıarlygyndäki resminamalardan başga içerki resminamalary tassyklamak;
6)
Umumy ıygnakda
ara alynyp maslahatlaşmak üçin Dil Fundynyň şahamçalarny we
wekilçiliklerni döretmek hakda tekliplerni we olaryň Düzgünnamalarnyň
taslamasyny hödürlemek;
7)
Umumy ıygnakda
ara alynyp maslahatlaşmak üçin ıyllyk ıerine ıetiren işleri barada we
şeıle hem ıyllyk hasabaty taııarlap bermek;
8)
Umumy ıygnakda
ara alynyp maslahatlaşmak üçin maliıe planlarny taııalamak, şeıle hem
bar bolan maliıe planlarna üıtgetme girizmek üçin tekilplerni taııarlap bermek;
9)
Umumy ıygnakda
ara alynyp maslahatlaşmak üçin, başga hukuk taraplaryny döretmek, dolandyryşyna gatnaşmak,
şeıle hem olara gatnaşyjyň ygtyıarlyklarny bermek;
10) Dil
Foudynyň Düzgünnamasynyň 2-nji maddasynyň çäginde durmuşa
geçiriljek taslamalar hakda ylmy, bilermençilik we başga toparlary
gurnamak;
11) şu
Düzgünnama boıunça göz öňine tutulan başga meseleler.
12) öz
agzalarnyň arasyndan gizlin ses bilen Dolandyryş guramaň
başlygyny we onyň
orynbasarny saılamk.
5.4. Dolandyrjy
guramaň ygtıarlygyndäki duran meseleler, başga bir guramaň
seredmegine berilip bilinmez.
5.5. Dolandyrjy
guramaň oturşklarnyň kwormy (ıygnaga zerur
gatnaşmalaryň sany) 5o%+1-dir.
5.6. Dolandyrjy
guramada çözgütler, onyň gatnaşıan agzalarnyň köplük sesi bilen
kabul ediler.
Şu
Düzgünnamaň 5-nji maddasynyň, 5.3.-nji bendiň 1,3,8 bölekleri
hakda çözgütler sese goılanda, olary kabul etmek üçin gatnaşıan
agzalarnyň köpüsiniň 2/3 ses bermegi gerekdir.
6.
DIL
FUNDYNYŇ DOLANDYRJY GURAMASYNYŇ BAŞLYGY
6.1, Dil Fundynyň gündeki işlerini izigiderli alyp barmak üçin
Dolandyyş guramaň başlygy mydam hereket edıän ıeke täk adam
bolup, ıolbaşçylyk edıär.
6.2. Gündelik ıolbaşçylyk we Dil Fundynyň esasy iş
ugyrlarnlarny durmuşa geçirmek, we onyň çözgütlerni ıerine ıetirmegi
gurnamak we üpjün edmek Dolandyyş guramaň başlygynyň
ygtyıarlyklaryndandyr.
6.3. Dolandyyş guramaň
başlygy Dolandyyş guramaň tarapyndan saılanıar we işden
boşadylıar.
6.4. Dolandyyş guramaň başlygy:
·
Dil
Fundynyň gündelik işini guraıar we kontrol edıär, Umumy ıygnagyň
karalarny durmuşa geçirmesini gurnaıar we onyň ıerine ıetirlşine
gözegçilik edıär;
·
ynanç hatsy
almazdan, ıurdyň çägind we daşary ıurtlarda Dil Fundynyň adyndan
çykyş edıär we fiziki we hukuk taraplar, döwlet guramalar, ıerli
häkmiıet bilen gatnaşyklarda Dil
Fundynyň bähbilerni arap, oňa wekilçilik edıär;
·
döwlet
häkemiıetiniň, ıerli öz özini
dolandyryş we daşary ıurt, halkara guramalar bien ylalaşyp
hereket etmek hakda, we ony amala aşyrmak üçin degişli çözgütleri
kabul edıär;
·
Dil
Fundynyň hasabatyny we hasabat bermesini gurnaıar;
·
öz ygtyıarlygy
esasynda Dil Fondynyň emlagini dolondyrıar, karz pul berıan (kridit)
guramalarda hasaplaşyk we başga hasaplary açyp we ıapıar;
·
şu Düzgünnamada bellenen maksadlara
laıyklykda Dil Fundynyň emlägini peıdalanşyna jogapkärçilik çekıär;
·
Dil
Fundynyň şahamçalarnyň we wekilçilikleniň işine
gözegçilik edıär;
·
Dil
Fundynyň wezipeli adamlaryny, şol sanda baş hasapçyny şeıle
hem başga aıry aıry wezipeli adamlary işie alyp, işden
boşadıar we olaryň işde ıerine ıetirmeli wezipelerni
tassyklaıar;
·
Şertnamalary, şol sanda zähmet
şertnamalary baglaşıar,
buıruglary çykarıar, başga içeri düzgünleşdirıän resminamalary
tassyklaıar, başga geleşikleri baglaşıar;
·
Dolandyyş
guramaň oturşyklarny taııarlamaga we geçirmäge jogap berıär we
onyň agzalarna 7 gün öňünden Dolandyyş guramaň
mejlisiniň geçiriljegi hakda habar berıär;
·
Umumy ıygnakda,
Dolandyyş guramada ara alynyp maslahat ediljek meseleleri taııarlaıar;
·
Dolandyyş guramaň çözgüdi esasynda
ylmy, bilermençilik we başga toparlaryň işiniň ıerine
ıetirilmegni üpjün edıär;
·
Dil
Fundynyň işi bilen baglanşykda başga meselelerni çözıär.
6.5. Dolandyyş guramaň başlygy, Dolandyyş guramaň
agzasynyň razyçylygy bilen wagtlaıynça öz kä-bir ygtyıarlyklarny orn-
basarna tabşyryp biler.
6.6. Dolandyyş guramaň başlygy her 3 aıdan Dolandyyş
gurama we Umumy ıygnaga işiň netijeleri barada öz hasabatyny berip
durıar.
6.7. Malyıe we pul hakda resminamalar 2 (iki) gol bilen amala aşar: Dolandyryjy
guramaň başlygy we hasapçy.
7.
DIL
FUNDYNYŇ IŞINE GÖZEGÇILIK
7.1.
Dil
FUndynyň işine, onyň guramalarnyň kabul eden kararlarna we
olaryň ıerine ıetirlşine, maliıe seriştelerinden
peıdalanşyna gözegçiligi amala aşyrmak üçin Dil Fundynyň
agzalarnyň arasyndan bir ıyllyk möhlet bilen 7 adamdan düzülıan Gözegçilik
topary Umumy ıygnakda saılanıar we olar gözegçilik işini ıerine
ıetirıärler.
7.2.
Dil
Fundynyň içerki maliıe işine gözegçiligi, Gözegçilik topary ıerine
ıetirıär. Gözegçilik topary Dil Fundynyň maliıe-hojalyk işlerne her 6
aıda bir gezek gözegçilik geçirerler we olar öz barlagnyň netijesini Umumy
ıygnaga hödürlärler.
7.3.
Gözegçilik
topary, Dolandyyş guramaň başlygyndan hemme gerek bolan
hasaphanaň, maliıe we başga resminamalary şeıle hem olar barada
düşündürişleri talap edip, alyp bilerler.
7.4.
Gözegçilik
topary barlag işiň netijelerni Umumy ıygnaga hödürlärler.
7.5.
Gözegçilik
toparyň agzasy oňa mälim bolan habarlary, resminamalary paş
edmäge haky ıokdyr.
7.6.
Gözegçilik
topary öz işini 10 günden uzaga çekdirman tamamlamalyderlar. Aıratyn
şertlerde Umumy ıygngynyň karary esasynda, ol mölet üıtgedilip
bilner.
8.
DIL FUNDYNY
ÜİTGETMEK WE İATYRMAK
8.1.
Dil Fundy
başga gurama bilen birleşmek, goşylamk, bölünmek bilen täzeden
gurulıar.
8.2.
Kanunçylykda göz
öňine tutulan halatlarda Dil Fundy diňe kazyıetiň hökümi bilen
ıatyrlyp bilner.
8.3.
Dil
Fundynyň ıatyrylmagy barada çözgüt kanunçylykda göz öňine tutulanlar
esaslarda amala aşyrlar.
8.4.
Dil
Fundynyň emlägini satmakdan hasyl bolan pul seriştesi, hemme bergiler
berilenden soň, Dil Fundynyň Umumy ıygnagynda, galany hakda karar
kabul ediler.
Umumy ıygnaga
gatnaşan
Dil Fundyny
Döredijiler